Meta-nyň kapitallaşdyrmasy 2019-njy ýylyň ýanwaryndan bäri ilkinji gezek $400 mlrd-dan aşak düşdi

  • 21.09.2022 15:49
  • 4k+

Meta Platforms Inc. amerikan kompaniýasynyň kapitallaşdyrmasy 2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri ilkinji gezek 400 mlrd dollar bellikden aşak düşdi. Muny Dow Jones Market Data-nyň maglumatlary delillendirýär diýip, interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň bazar kapitallaşdyrmasy iň ýokary – 1,078 trln dollar derejesine 2021-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda ýetdi. Şondan bäri ol tas 65% peseldi diýip, MarketWatch belleýär.
Geçen hepde Facebook sosial ulgamynyň eýesiniň paýnamalarynyň bahasy 13,5% peselip, bäş sessiýanyň her birini minus bilen tamamlady. Netijede, bahalar 2020-nji ýylyň 16-njy martyndan bäri iň pese derejä düşdi.
Meta ABŞ-nyň iň uly kapitallaşdyrmasy bolan kompaniýalarynyň sanawynda onunjy orny eýeleýär. Geçen hepde ol dokuzynjy orny Visa Inc. kompaniýasyna berdi.
Anna günündäki söwdanyň netijesi boýunça, Meta-nyň bazar kapitallaşdyrmasy 393,2 mlrd dollara barabar, on birinji orunda ýerleşýän Exxon Mobil $388,5 mlrd, Visa bolsa $399,9 mlrd kapitallaşdyrma eýedir.


28.02.2026 15:20
1.1k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...

02.02.2026 10:53
2.8k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

24.01.2026 09:42
1.4k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...

18.01.2026 19:47
2.1k+

Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular

Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna  («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular...