Mark Sukerberg ýylyň başyndan bäri $71 mlrd ýitirdi

  • 21.09.2022 14:18
  • 9.2k+

Meta kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Mark Sukerbergiň baýlygy ýylyň başyndan bäri tas iki esse - $71 mlrd azaldy diýip, Bloomberg habar berýär. Bu agentlik tarapyndan düzülýän milliarderleriň indeksinde iň uly pese gaçyşdyr diýip, incsrussia.ru belleýär.

2022-nji ýylyň birinji ýanwarynda Sukerberg reýtingde altynjy orny eýeleýärdi. 16-njy sentýabra çenli ýagdaýa görä, ol 14 orun aşak düşdi we häzir $55,9 mlrd bilen 20-nji orny eýeleýär. Bu Sukerbergiň 2014-nji ýyldan bäri iň pes görkezijisi.
2020-nji ýylda onuň baýlygy 106 mlrd dollara barabardy, 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa iň ýokary derejä – 142 mlrd dollara ýetdi. Oktýabr aýynda Sukerberg Meta-ny hödürledi. Şondan soň onuň baýlygy azalyp başlady.
Fewral aýynda Facebook aýlyk ulanyjylarynyň sanyny artdyryp bilmedi. Bu hem kompaniýanyň paýnamalary üçin bahalaryň pese gaçmagyna getirdi, Sukerbergiň baýlygy bolsa $31 mlrd azaldy. Bu taryhda iň uly pese gaçyşlaryň biridir.
Meseleleriň ýene biri hökmünde Bloomberg-iň analitikleri Instagram-yň Reels-e bil baglamagyny belleýärler. Olar mahabatdan az girdeji getirýär.
Dünýäniň tehnologiýa liderleriniň (Facebook, Amazon, Apple, Netflix, Google) arasynda iň ýaramaz ýagdaý Netflix-de görülýär. Kompaniýanyň paýnamalary 2022-nji ýylda 60% pese gaçdy. Onuň yzyndan Meta gelýär – pese gaçyş 57%. Alphabet 29%, Amazon 26%, Apple 14% pese gaçyşy görkezdi.


12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...

02.02.2026 10:53
2.9k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...