Gazagystan bugdaýyň we unuň eksportyna gadaganlygy ýatyrdy

  • 20.09.2022 23:59
  • 17k+

Gazagystan bugdaý bilen unuň eksportyna girizilen gadaganlygy ýatyrdy. Bu barada Respublikanyň oba hojalyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

"Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 14-nji sentýabryndan bugdaýyň we unuň eksportyna girizilen gadaganlyk ýatyryldy. Degişli buýruga oba hojalyk ministri Ýerbol Karaşukeýew gol çekdi. Şeýlelikde, gazak oba hojalyk önüm öndürijileri hiç hili çäklendirmesiz bugdaýy we uny daşary ýurtlara satyp bilerler» — diýlip, edaranyň saýtyndaky habarda aýdylýar.

Ýatlatsak, aprel aýynda Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi 15 iýuna çenli bugdaýyň we unuň eksportyny gadagan edýän buýruk çykardy. Oňa derek önüm öndürijiler 10%-i içerki bazarlara bellenilen has arzan bahadan satmaly edildi. Soňra çäklendirme 30-njy sentýabra çenli uzaldyldy.


şu gün 01:02
2.9k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......

06.05.2026 09:48
5.4k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

23.04.2026 10:49
4.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......