Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny ýitirdi

  • 20.09.2022 13:18
  • 15k+

Amazon-yň baş ýerine ýetiriji müdiri Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orundan gysylyp çykaryldy. Bu orny hindistanly magnat Gautam Adani eýeledi diýip, Bloomberg habar berýär. Muny incrussia.ru ýetirýär. 2022-nji ýylda Adaniniň baýlygy reýtinge beýleki gatnaşyjylara garanyňda has artdy. Öz gezeginde, Amazon-yň paýnamalary birden arzanlady.

Bir ýyl mundan ozal Bloomberg-iň milliarderler indeksinde 14-nji orny eýelän Adani häzir 146,8 mlrd dollar baýlyga eýedir. Baýlygynyň göwrümi boýunça ol diňe Tesla bilen SpaceX kompaniýalarynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Ilon Maskdan yza galýar. Ilon Maskyň baýlygy 263,9 mlrd dollara barabar.
Adani Enterprises flagman kompaniýasynyň paýnamalary şu ýyl rekord derejede ýokarlandy, toparyň käbir kärhanalarynyň gymmatly kagyzlary bolsa 2020-nji ýyldan bäri 1000%-den gowrak ýokarlandy.
Bezos Adaniden 19 mln dollar yza galýar. Reýtingdäki üýtgeşme wagtlaýyn hadysa bolup, köp ýagdaýda Amazon-yň paýnamalaryna baglydyr. Onuň paýnamalarynyň bahasy 2022-nji ýylda 26% pese gaçdy.
Bloomberg ilkinji gezek Aziýadan telekeçiniň dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda şeýle ýokary orny eýeländigini belleýär. Köplenç, reýtingde amerikaly telekeçiler öňdäki orunlarda ýerleşýärler.
Häzir Adani 60 ýaşynda. Ýaş wagty ol 1980-nji ýyllaryň başynda Mumbaýyň almaz senagatynda bagtyny synap görmek üçin kolleji taşlaýar. Şondan soň, kömür senagaty we portlar bilen gyzyklanyp başlaýar. Şondan bäri onuň konglomeraty howa menzillerinden başlap, maglumatlary işleýiş merkezi, sement, HBS we ýaşyl energetika ýaly ugurlara çenli giňedi.


12.03.2026 07:31
8.1k+

Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar...

03.03.2026 13:28
648

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

02.03.2026 18:32
4k+

Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär

Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi...

02.02.2026 10:53
2.8k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...