Ýakynda Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi geçiriler

  • 19.09.2022 13:36
  • 4.3k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guraljak sergide ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, döwlet we hususy düzümleriň önümleri görkeziler.

17-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýewiň hasabatynda bellenilişi ýaly, guralmagy meýilleşdirilýän sergide ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, döwlet we hususy düzümleriň önümleri görkeziler. Şeýle-de serginiň çäklerinde täze önümler, maýa goýum taslamalary, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda geljekki uly ösüş maksatnamalary bilen tanyşdyrmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna serginiň işiniň meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi.

“Sergileriň guralmagy gazanylan üstünlikleri görkezmek üçin amatly mümkinçilik bolup, bazar meýillerine baha bermegiň, onda öz eýeleýän ornuňy kesgitlemegiň oňaýly usulydyr” diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de wise-premýere serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda 20-21-nji sentýabrda guralar.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......