Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (10-njy bölüm)

  • 17.09.2022 11:28
  • 8.1k+
Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (10-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

— Biziň daşky gurşawymyz üýtgemeýär-de, özümiz üýtgeýäris.
Genri Dewid TORO

Meni mydama adamlaryň ýokary netije gazanyp bilişleri gyzyklandyrýardy. Köp ýyl mundan ozal üstünligiň öz yzyny galdyrýandygyny, gowy netije gazanýan adamlaryň hereketlerini gaýtalasaň, şolaryňky ýaly netije gazanyp boljakdygyny bildim.  U. Mitçeliň ýa-da Pit Strudwigiň öz içki «meni» bilen ylalaşyp, ajaýyp netije gazanandyklaryny bilmekligiň ýeterlik däldigine düşündim. Men olaryň näme edendiklerini  anyk bilmelidim. Olaryň ýa-da başgalaryň hereketini dogry gaýtalamagy başarsam, edil şolaryňky ýaly netijäni gazanjakdygyma ynanýardym. Ýer sürsem, tohum sepsem hasyl aljagym bellidi. Başga söz bilen aýdanyňda, özi agyr ýagdaýdaka-da, özgä duýgudaşlyk edip bilýän kişi bar bolsa, men onuň özüni alyp barşyny,  başga zatlara seredişini, şol ýagdaýda onuň bedenine nähili erk edişini öwrenip bilerdim. Netijede, meniň özümem has-da duýgudaşlyk edip bilmäge ukyply bolardym. Erkek bilen aýal 25 ýyl bile ýaşap, henizem söýgi howasyndan dem alýan bolsa, şeýle ýagdaýy, şeýle ynamy döretmek üçin olaryň nähili hereket edendiklerini bilip biljekdim. Soň bolsa ol hereketi, ynamy, özüme ýanap, maşgalam bilen hususy gatnaşykda şolaryňky ýaly derejä ýeterdim. Meniň gereginden artyk agramdan ezýet çeken döwrüm bolupdy. Men agramy ýerbe-ýer syrdam adamlaryň durmuşda özlerini alyp baryşlary, nahar iýişleri, nähili iýişleri, näme pikir edýändikleri bilen gyzyklanmaga başladym. Şeýdibem, 15 kilogram horlanmagy başardym. Öz işewürlik, hususy meselämde-de şeýle hereket etdim. Şeýlelikde, üstünlik gazanyp bilýän adamlaryň eden hereketlerini gaýtalamagy öwrendim. Üstünlige eltjek öz ýolumy gözleýän mahalym bolsa, peýda berjek islendik başga ýollardan hem delalat gözledim.

Soňra neýrolingwistik programmirlemek (NLP) diýen belli ylym bilen tanyşdym. Onuň ady «neýro» beýni, hem «lingwistik» diýen, onuň dil bilen baglydygyny aňladýan sözlerden ybarat. «Programmirlemek» bolsa belli bir maksat ýa-da iş döretmegi aňladýar. NLP aýdylýan (werbal) ýa-da dilden aýdylmaýan (werbal däl) sözüň degna ulgamyna edýän täsirini öwrenmek bilen meşgullanýar. Durmuşda nämedir bir zady amala aşyrmak üçin biziň mümkinçiligimiz hususy şahsy degna ulgamyny dolandyryp bilmek ukybyna daýanýar. Ýokary üstünlige ýeten adamlar öz-özi bilen ylalaşmak işini degna ulgamynyň goşulmagy bilen amala aşyrýar.

NLP adamlaryň durmuş döredijiliginde ýokary derejedäki maksatlaryna ýetmegiň birnäçe nusgasyny taýýarlamakda özleri bilen gepleşiş ýagdaýlaryny peýdalanyşlaryny hem derňeýär. «Neýrolingwistik programmirlemek» diýen jümle bu ylmyň manysyny anyk ýüze çykarýan bolsa-da, siziň ol barada hiç mahal eşitmändigiňizi tassyklap bilerin. Ozal ol ylym, esasanam, ruhylukmanlar bilen az sanly işi şowly telekeçilere öwredilipdir. Ol ylym bilen ilki tanşan badyma, onuň ozalky iş salşan ylymlaryma asla meňzemeýändigine göz ýetirdim. Men NLP-niň wekiliniň üç ýyl bäri gorky keselinden ejir çekip, köp ýere ýüz tutsa-da nep tapmadyk bir aýalyň saglygyna seredişine şaýat boldum. Kyrk bäş minutlyk bejerişden soň, ol aýalyň gorky keselinden nam-nyşan galmady. Şol wakadan soň bu ylyma baş goşmagy ýüregime düwdüm. (Ýüzugra bellesek, agzalan netijäni bäş-on minutda hem gazanyp bolýar). NLP adamyň beýnisini işletmegiň ulgamlaýyn esasyny düzýär. Ol bize diňe bir öz şahsy ýagdaýymyza hem özümizi alyp barşymyza erk etmek däl-de, başgalaryň hem özlerini alyp baryşlaryna, şahsy ýagdaýlaryna täsir ýetirmegi öwredýär. Has takygy, ol ylym islendik arzuwa ýetmek üçin, öz bedeniňi has netijeli işletmek baradaky ylymdyr.

NLP maňa alada düşüp gözleýän zadymy berdi. Ol, käbir adamlara mydama ýetdirip duran, meniň amatly netije diýip atlandyrýan zadymyň syryny açmagyň açaryny berdi. Kimde-kim ir bilen ukudan tiz açylyp, şol bir wagtda-da durmuşa höwesli bolup bilýän bolsa, şol hut gerek ýagdaýdyr. Indiki sowal: ir turup, derrewem işe girişýän adamlar beýle gerekli endigi nädip gazanýarkalar? Islendik netijäniň sebäpkäri hereketdir, ýöne ir bilen turup, tiz işe girişmek endigini döredýän akyl zähmetimikä ýa-da fiziki zähmet? NLP ylmynyň taglymlarynyň biri biziň hemmämiziň birmeňzeş psihologiýaly adamlardygymyzy belleýär. Şonuň üçinem kimdir biri haýsydyr bir üýtgeşik iş bitirse, sizem şol işi amala aşyrmagy başaraýmaly. Onuň üçin bolsa öz degna ulgamyňyzy şol üýtgeşik işi eden adamlaryň öz degna ulgamyny dolandyryşy ýaly dolandyrmagy başarmaly. Adamlara anyk netijeleri gazanmaga kömek edýän ýörite mehanizmleri tapyp, onuň takyk beýanyny düzmeklige modelirleme diýilýär.

Ýene gaýtalaýaryn: durmuşda gerekli iş eden adamlaryň edenini etmek siziň hem eliňizden geler. Başgaça aýtsak: adam edenini, adam eder!

Bu ýerde şol netijäni hut siziň özüňiziň ýa-da başga bir kesiň gazananynyň ähmiýeti ýokdur. Eger kimdir biri, gürrüňsiz, sowatlylygy bilen parhlanýan bolsa, siz onuň derejesini modelirläp, özüňizem sowatly adama öwrülersiňiz. Üstesine-de, ol işi amala aşyrmak üçin, bary-ýogy, dört-bäş minut gerek bolar (Ol strategiýany kitabyň 7-nji babynda öwrenersiňiz). Tanyşlaryňyzdan kimdir biri öz çagasy bilen ylalaşyp ýaşaýan bolsa, siz hem ony başararsyňyz. Kimdir biri irden ukusyndan ýeňillik bilen açylýan bolsa, siz hem ony oňararsyňyz. Onuň üçin başgalaryň degna ulgamyny ulanyşyny modelirlemeli. Käbir işiň başga bir işden kynrakdygy belli zat. Ony modelirleşdirmek üçin örän kän wagt gerek bolýar. Ýöne sizde öz arzuwyňyzy amala aşyrmaga isleg hem ynam bar bolsa, islendik kişiniň döreden zadyny  modelirlemegiň kömegi bilen gaýtalap bolar. Adamyň öňe alyp barýan amatly ýolda ýalňyşlyklar hem synaglar usuly bilen bedendir aňy taplamak üçin ýyl baryny ýitiren bolmagy mümkindir. Ýöne siz ol işe baş goşup adamyň köp ýyl sarp edip gazanan netijesini modelirlemek bilen, onuň ýeten maksadyna has tiz, ýagny sanalgyja aýda ýa-da her hili bolanda-da, az wagt sarp edip ýetersiňiz.

(dowamy bar).


20.05.2023 16:35
6.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

06.05.2023 20:11
5.3k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (37-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

29.04.2023 15:12
5.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (36-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

16.04.2023 13:23
6.4k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (35-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...