YouTube sazandalara bir ýylda 6 mlrd dollardan gowrak töledi

  • 16.09.2022 20:34
  • 5.6k+

YouTube wideohostingi soňky 12 aýda aýdym-saz pudagyna 6 mlrd dollardan gowrak töledi. Bu bir ýyl ozalkydan 2 mlrd dollar köpdür diýlip, kompaniýanyň resmi blogunda Lior Koen habar berdi. Ol YouTube-yň aýdym-saz ugruna ýolbaşçylyk edýär diýip, incrussia.ru belleýär.

Koen 2025-nji ýyla çenli kompaniýanyň mahabatyň we abuna ýazylyşygynyň hasabyna pudak üçin esasy girdeji çeşmesine öwrülmek isleýändigini belledi. “Şonuň üçin YouTube 100-den gowrak ýurtdaky ähli aýdym-saz formatlaryny monetizasiýa edýär. YouTube-da aýdym-saz mazmunyna tomaşa etmegiň umumy wagty hem ýyl-ýyldan ýokarlanýar” – diýip, ol aýtdy.
YouTube ulanyjy tarapyndan döredilen mazmuny hem monetizasiýa etdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, UGC mazmuny awtorlyk hukugynyň eýelerine tölenýän tölegleriň 30%-den gowragyny düzýär.


01.05.2026 07:25
1.1k+

YouTube-daky "surat içinde surat" režimi ähli ulanyjylar üçin mugt bolar

YouTube wideoplatformasy resmi taýdan "surat içinde surat" görmek režimini ähli ulanyjylar üçin abuna ýazylmazdan elýeterli eder. Degişli maglumat Google-yň websaýtynda çap edildi, onda bu täzelenmäniň......

22.04.2026 16:50
891

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

21.03.2026 09:25
2.8k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyny täze formatda görkezmek hakda YouTube bilen ylalaşdy

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda YouTube bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini yglan etdi. Mundan ozal FIFA şuňa meňzeş ylalaşygy TikTok bilen hem baglaşypdy. Gürrüň ýaryşyň doly göni ýaýlymy barada gitmeýär...