Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň we türkmen raýatlarynyň birnäçesine «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany berildi

  • 16.09.2022 07:36
  • 31k+

Dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini dünýäde wagyz etmekde bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň käbir daşary ýurtly agzalary, şeýle-de Türkmenistanyň raýatlary Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglanyldy.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji sentýabrda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglananlaryň sanawy, ine, şulardan ybarat:

  1. Nassery Han Muhammet — Germaniýa Federatiw Respublikasyndan birleşigiň şahsy agzasy;
  2. Çapar Ibrahim — Türkiýe Respublikasyndan birleşigiň şahsy agzasy;
  3. Nur Han Abdul Eziz — Saud Arabystany Patyşalygyndan birleşigiň şahsy agzasy;
  4. Kurban Ghulam Nabi — Owganystan döwletinden birleşigiň şahsy agzasy;
  5. Kurban Neiaz Şir Mohammad — Owganystan döwletinden birleşigiň şahsy agzasy;
  6. Amangözel Şagulyýewa — Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, Türkmenistanyň Gahrymany;
  7. Annajemal Saparowna Nurmuhammedowa — Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi;
  8. Atajan Burunow — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor, Hormatly il ýaşulusy;
  9. Italmaz Saparlyýew — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor, Hormatly il ýaşulusy;
  10. Nurýagdy Suwhanow — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor, Hormatly il ýaşulusy;
  11. Akmämmet Akmämmedow — Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary;
  12. Baýramdurdy Taýharow — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bank işi kafedrasynyň müdiri, professor;
  13. Amangeldi Orazow — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binagärlik-gurluşyk fakultetiniň çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasynyň uly mugallymy;
  14. Rejep Bazarow — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Hormatly il ýaşulusy;
  15. Batyr Myradow — «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory.

düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......