Rojer Federer karýerasyny tamamlaýar

  • 16.09.2022 07:20
  • 3.5k+

“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 20 gezek çempiony Rojer Federer sentýabr aýynyň ahyrynda Londonda geçiriljek Leýwer kubogynyň özi üçin iň soňky boljakdygyny mälim etdi. Şondan soň ol karýerasyny tamamlar. Bu barada BBC News habar berýär.

41 ýaşly tennisçi geçen ýyl “Wimbledon” ýaryşyna gatnaşyp, ondan soň üçünji gezek dyzyndan operasiýa geçireni bäri korta çykanokdy.

“Meniň bedenim soňky wagtlar aýan yşarat berýär. Men 24 ýylyň içinde 1500-den gowrak oýna gatnaşdym. Indi maňa bäsdeşlik karýeramyň tamamlanýandygyny boýun almagyň wagty geldi” – diýip, Federer sosial ulgamlarda ýazdy.

Federer – “Uly tuwulga” kuboklarynyň sany boýunça dünýäniň üçünji tennisçisi. Ondan öňde diňe ispaniýaly Rafael Nadal bilen serbiýaly Nowak Jokowiç bar – degişlilikde, 21 we 22 baýrak.
Federer tennisçi hökmünde ilkinji gezek 1998-nji ýylda 16 ýaşynda çykyş etdi, ilkinji “Uly tuwulgany” bolsa 2003-nji ýylda “Wimbledon” ýaryşynda ýeňiş gazanyp aldy.
Soňky “Uly tuwulgany” Federer 2018-nji ýylda, 36 ýaşynda utdy.
Federer ATP-niň 111 ýaryşynda, şolardan 103-sinde ýekelikde ýeňiş gazanyp, 310 hepdäniň dowamynda ATP-niň ilkinji raketkasy boldy (şol sanda bassyr 237 hepde, bu hem täzelenmedik rekorddyr).


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......