Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri bilen «Baky şäher» medeni-etnografik toplumyna baryp gördi

  • 15.09.2022 21:14
  • 15k+

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri: «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrylan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana saparynyň maksatnamasynyň birinji güni wekiliýet Baştutanlary bilen bilelikde Hormatly myhmanlar seýilgähinde nahal oturtmak hem-de «Baky şäher» medeni-etnografik toplumyna baryp görmek bilen jemlendi» diýip, habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlary «Baky şäher» medeni-etnografik toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde ýadygärlik surata düşenlerinden soňra, onuň çäginde gurlan syýahatçylyk maksatly desgalar bilen tanyşdylar. Şeýle-de olar bu ýerde Gündogar ýurtlaryna mahsus bazara baryp görüp, özbek milli tamdyr somsasynyň taýýarlanylyşyna syn etdiler. «Baky şäheriň» çägindäki «Samarkandyň ýyldyzlary» restoranynda bolsa belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna resmi däl agşamlyk nahary berildi.
«Baky şäher» adalgasyny, köplenç, Rim bilen baglanyşykly ulanýarlar. Ýöne ony siwilizasiýalaryň iň gadymy ojaklaryny özünde jemleýän Merkezi Aziýanyň käbir şäherleri babatda ulanmagam söz ulaltmak bolmasa gerek. Gadymy Gündogaryň merjeni, medeniýetleriňdir siwilizasiýalaryň çatrygy hasaplanýan Samarkant hem özüniň has irki döwürlerden miras galan gaýtalanmajak taryhy-medeni ýadygärlikleri, täsin arhitektura desgalary bilen «Baky şäher» diýilmäge mynasyp. Bu şäherde geçmişiň şöhratly mirasy häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen utgaşdyrylyp, şu günüň hakykatyna öwrülýär. «Baky şäher» medeni-etnografik toplumy bolsa bu ýerde täze açylan «Silk Road Samarkand» syýahatçylyk toplumynyň ýüregi hasaplanýar.
10 gektardan gowrak meýdany eýeleýän medeni-etnografik toplumyň çäginde hakyky binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan desgalaryň 44-si ýerleşip, onuň darajyk köçelerinde ýurduň ähli sebitlerinden gelen senetçileriň, suratkeşlerdir amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň döredijilik ussahanalaryna orun berilýär.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 22:09
1.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 12:31
5.6k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....