Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy oktýabrda Russiýa barar

  • 15.09.2022 17:55
  • 22k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Federasiýa Geňeşiniň spikeri Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça 10-njy oktýabrda Russiýa Federasiýasyna barar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkandda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygynyň barşynda habar berdi diýip, RIA Nowosti ýetirýär.

«Şu ýylyň onunjy oktýabrynda Federasiýa Geňeşiniň Spikeriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna sapary bolar» - diýip, türkmen Lideri ŞHG-niň sammitiniň çäklerinde duşuşykda aýtdy.

Öň, habar berşimiz ýaly, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistanyň Samarkant şäherinde bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.


şu gün 12:11
8.1k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......