Daşoguzly pagtaçylar hem ýygym möwsümine girişdiler

  • 15.09.2022 08:26
  • 7.7k+

14-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler. Pagta ýygymynyň öňüsyrasynda welaýat häkimliginde guralan iş maslahatynda ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeler, ähli degişli gulluklaryň takyk işlemegi we sazlaşykly hereketi ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy.

Bellenilişi ýaly, meýdan işleriniň sazlaşykly hem-de bökdençsiz alnyp barylmagyny ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalary üpjün eder. Hasyly daşamakda ýük awtoulaglarynyň hem-de tirkegli traktorlaryň uly toplumy hereket eder. Kabul ediş harmanhanalary we pagta arassalaýjy kärhanalar gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlarlar.
Pagta ýygymyna başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralara welaýat we etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba hojalykçy alymlar, tejribeli agronomlar, kombaýnçylar, sürüjiler, kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar.
Hormatly ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegini, ähli türkmen halkynyň abadançylygyny Beýik Biribardan dileg edip, “Harmanyňyza bereket!” diýen sözler bilen pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdiler.


11.05.2026 22:55
984

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......