«Emmi» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 14.09.2022 01:20
  • 15k+

Los-Anjelesde “Emmi” telewizion baýragynyň 74-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. “Mirasdüşerler” serialy iň gowy drama serial hökmünde baýraga mynasyp boldy. Şeýle-de, baýraga serialy dörediji Jessi Armstrong we ikinji plandaky iň gowy keşp üçin aktýor Mettýu Makfedýen mynasyp boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Iň gowy komediýa serialy “Ted Lasso” bolup, baş keşbi ýerine ýetiriji Jeýson Sudeýkis iň gowy komediýa aktýory hökmünde, Brett Goldstin bolsa ikinji plandaky iň gowy komediýa aktýory hökmünde baýrak aldy. M.J.Delani komediýa serialynyň iň gowy režissurasy üçin “Emmi” baýragyna eýe boldy.
Iň gowy mini-serial diýlip “Ak lotos” saýlandy. Ikinji plandaky keşpler üçin baýraklary Jennifer Kulij we Mýurreý Bartlett aldy. Serialyň üstündäki işler üçin režissýor we ssenariýaçy Maýk Uaýt iki baýraga mynasyp boldy.
Drama seriallarynda iň gowy keşpler üçin “Emmi” baýragyny Zendeýa (“Eýforiýa”) we Li Jon Je (“Kalmar oýny”) aldy. “Komediýa serialynda iň gowy keşp” nominasiýasynda Jin Smart (“Mekirlikler”) ýeňiş gazandy. Ikinji plandaky iň gowy drama keşbi üçin baýragy Juliýa Garner (“Ozark”), komediýa serialynda ikinji plandaky iň gowy keşp üçin bolsa baýragy Şeril Li Ralf (“Ebbott başlangyç mekdebi”) aldy.
Mini-serialyň iň gowy aktrisasy we aktýory Amanda Seýfrid (“Çykyp giden”) we Maýkl Kiton (“Döwüş”) boldy.
Bu üç serial nominasiýalaryň sany boýunça öňdebaryjy boldy: “Mirasdüşerler” 25 kategoriýada, “Ted Lasso” we “Ak lotos” bolsa 20 nominasiýada görkezildi.

düýn 20:27
2.6k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......

düýn 20:16
3.9k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 16:53
2k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

düýn 16:11
1.4k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....