ÝB dört aýda rekord mukdarda Gün energiýasyny öndürdi

  • 12.09.2022 23:58
  • 5.6k+

Maý aýyndan awgust aýy aralygynda Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Gün panelleriniň kömegi bilen 99 terawatt/sagatdan köp elektrik energiýasyny öndürdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 28% köpdür. Bu barada garaşsyz analitiki merkez Ember-iň maglumatlaryna salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

“2022-nji ýylyň tomsunda Ýewropa Gün energiýasyny öndürmek boýunça rekord eýesi boldy – ol maý aýyndan awgust aýy aralygynda ÝB-niň energiýa balansynyň 12%-ini emele getirdi. Bellenilen döwürde Gün panelleriniň kömegi bilen 99,4 terawatt/sagat elektrik energiýasyny öndürmek başartdy” – diýlip, materialda bellenildi.

Analitikleriň maglumatlaryna görä, gaz elektrik stansiýalaryny ulanyp, şeýle mukdarda elektrik energiýasyny öndürmek 29 mlrd ýewro düşerdi. Şol bir wagtyň özünde, ýaşyl energiýanyň önümçiliginiň ýokarlanmagy Ýewropanyň gymmat we daşky gurşaw üçin zyýanly ýangyja garaşlylygy azaltmaga çalyşýandygyny görkezýär.
Hünärmenler Gün energiýasyna maýa goýumlaryň özüni ödeýändigi, sebäbi bu energiýanyň her terawatt/sagadynyň ummasyz pul tygşytlamaga kömek edendigi bilen ylalaşýarlar. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Ýewropada gurulýan elektrik stansiýalarynyň sany köpelýär welin, indi her tomus howpsuz energiýany öndürmek boýunça rekordlar goýlup bilner.


05.06.2026 15:42
3.4k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
5.9k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
7.1k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....