Ispaniýaly Alkaras US Open-iň ýeňijisi boldy

  • 12.09.2022 17:40
  • 4.2k+

Ispaniýaly Karlos Alkaras tennis boýunça ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň final oýnunda norwegiýaly Kasper Ruudy utdy.

Duşuşyk 6:4, 2:6, 7:6 (7:1), 6:3 hasabynda Alkarasyň peýdasyna tamamlandy. 
19 ýaşly Alkaras "Uly tuwulga" ýaryşynyň ilkinji gezek ýeňijisi boldy. Öň, onuň iň gowy netijesi ABŞ-nyň (2021) we Fransiýanyň Açyk çempionatlarynda (2022) dörtden bir finala çykmagydy. Ol 1990-njy ýyldan bäri US Open-iň iň ýaş ýeňijisi boldy, şonda ýaryşda amerikaly Pit Sampras ýeňiji bolupdy.
Ýaryşda ýeňiş gazanmagy Alkarasa ilkinji gezek Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň täzelenen reýtinginde dünýäniň birinji raketkasy bolmaga mümkinçilik berer. Ol birinji orundan russiýaly Daniil Medwedewi gysyp çykarar. Ruud ikinji setire galar. Alkaras awstraliýaly Lleýton Hýuittiň (20 ýaş 9 aý) gazananlaryndan öne geçip, dünýäniň iň ýaş birinji raketkasy (19 ýaş 4 aý) bolar.  


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....