Saud Arabystany ABŞ-dan galan ähli alyjylar üçin nebitiň bahasyny arzanladar

  • 11.09.2022 14:01
  • 11k+

Saud Arabystanynyň Saudi Aramco milli nebit kompaniýasy nebitiň bahasynyň ABŞ-dan başga ähli sebitleriň alyjylary üçin arzanladylýandygyny mälim etdi. Bu barada Bloomberg habar berýär. 

"Döwletiň gözegçiligindäki Saudi Aramco kompaniýasy Aziýanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryna oktýabrda iberiljek öz esasy Arab Light markasynyň barreliniň bahasyny, Ýakyn Gündogaryň çelgisinden ýokary, 5,85 dollara çenli arzanlatdy. Bu üstümizdäki aýda bellige alnan rekord derejeden 4$ diýen ýaly aşakdyr" diýip neşirde görkezilýär.

Demirgazyk-Günbatar Ýewropadan we Ortaýer deňzi ýurtlaryndan bolan alyjylar üçin saud nebitiniň ähli markalarynyň diýen ýaly her barreliniň bahasy 2$ arzanladylar diýip takyklanýar. Şonuň bilen birlikde, ABŞ ugradylýan Arab Light nebitinden beýleki sortlaryň hemmesiniň barreli 0,5$ gymmatlaýar. Arab Light-yň her barreli, öz nobatynda, öňküsi ýaly, Argus Sour Crude Index bençmarkyndan ýokary, 6,15$ bolar. 


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...