Dünýäniň birinji raketkasy ady ugrunda Alkaras bilen Ruud göreşer

  • 11.09.2022 13:53
  • 2.9k+

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras şenbe güni ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň ýarym final oýnunda amerikaly Frensis Tiafony utdy. Duşuşyk 6:7 (6:8), 6:3, 6:1, 6:7 (5:7), 6:3 hasabynda Alkarasyň peýdasyna tamamlandy. Finalda Alkaras russiýaly Karen Haçanowdan üstün çykan norwegiýaly Kasper Ruuda garşy oýnar. Bu barada TASS habar berýär.

Ýaryşyň aýgytly duşuşygy 11-nji sentýabrda geçiriler, onuň ýeňijisi Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde birinji orna çykar. Häzirki wagtda ony ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň häzirki ýeňijisi, şu ýyl dördünji tapgyrda ýaryşdan çykan russiýaly Daniil Medwedew eýeleýär.
ABŞ-nyň Açyk çempionaty 1881-nji ýyldan bäri geçirilýär we ol möwsümde jemleýji, dördünji “Uly tuwulga” ýaryşydyr. Oýunlar “hard” düşeginde geçirilýär, ýaryşyň baýrak gaznasy 60 mln dollara barabar.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....