Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi

  • 10.09.2022 11:58
  • 27k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň zenan ýolbaşçylarynyň sammitine gatnaşmak üçin 8-9 sentýabrda Daşkende bolan saparynyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär.  

Özbegistanyň baştutany pugta doganlyk-dostluga, goňşuçylyga, özara ynanyşmaklyga we strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýeten ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. 
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde, bilelikdäki taslamalary we medeni-ynsanperwer alyş-çalyş maksatnamalaryny öňe sürmekde milli parlamentleriň ornunyň uludygy nygtaldy.
Parlamentara bileleşigiň agza döwletleriniň parlamentleriniň zenan ýolbaşçylarynyň 14-nji sammiti "Parlament liderligi: durnuklylygy we gülläp ösüşi has netijeli üpjün etmek üçin töwekgelçilikleri öňünden anyklamak" diýen tema bagyşlandy. Foruma BMG, Parlamentara bileleşik, ÝHHG-niň parlament assambleýasy, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy ýaly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem 17 ýurduň parlamentleriniň 120-den gowrak wekili gatnaşdy.  
Parlamentleriň öňünde durýan möhüm wezipeler, şeýle hem pandemiýa bilen bagly ýüze çykan çökgünlikler mahalynda gender deňligini kepillendirmegiň, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmegiň, ykdysadyýeti dikeltmekde zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa sammitde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde parlament diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmaklyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Ol Türkmenistanyň Mejlisiniň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň çäginde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge taýýardygyny mälim etdi.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......