Xiaomi özüniň iň kuwwatly noutbugy bilen tanyşdyrdy

  • 09.09.2022 16:57
  • 7.4k+

Xiaomi Hytaýda Redmi G Pro 2022 Intel Edition noutbugy bilen tanyşdyrdy we onuň üçin deslapky sargytlary kabul etmäge başlady. Täze noutbuk iki konfigurasiýada hödürlendi, Redmi G Pro 2022 Intel Edition noutbugy Xiaomi-niň iň kuwwatly mobil kompýuteridigi bilen öňe saýlanýar.

Aňrybaş konfigurasiýasynda — Intel Core i9-12900H prosessory we GPU Nvidia GeForce RTX 3070 Ti. Şunuň ýaly wariant üçin 1665 dollar baha kesýärler. Baza wersiýasy — Core i7-12650H prosessorly we GeForce RTH 3060 3D çaltlaşdyryjyly. Hytaýda deslapky sargytlar şu günden başlap kabul edilip başlanýar, bölekleýin satuwlar bolsa 17-nji sentýabrdan başlanar.
Operatiw ýadynyň göwrümi 16 GB, gaty toplaýjy ýadynyňky bolsa — 512 GB. Gurluşyň sowadyjysynyň aşakky ulgamynda dört sany ýylylyk turbajyklary we iki ýelpewaç bar.
Redmi G Pro 2022 Intel Edition 2560 x 1600 piksel razreşeniýeli, kadr tizligi 240 Gs we sRGB reňk giňişligini 100% gurşap alýan 16-dýumlyk IPS ekrana eýe boldy.  Şeýle hem konfigurasiýada sygymy 80 Wt.s bolan akkumulýator, 2,5 Gigabitlik Ethernet geçiriji toryň porty, HDMI 2.1 wideoçykalga bar. Noutbugyň kütüligi 28,45 mm, agramy -2,66 kg.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...