Serdar Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde gurulýan täze atçylyk toplumyna baryp gördi

  • 09.09.2022 09:38
  • 17k+

8-nji sentýabrda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinden soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki künjekleriň birinde gurluşygy alnyp barylýan täze atçylyk toplumyna baryp gördi.

Bu ýerde içeri işler ministri toplumyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan athanada ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berip, degişli desgalaryň taslamalaryny görkezdi. Bu toplumyň çäklerinde esger ýatakhanasy, açyk manež, bedewler we taýlar üçin athanalar, weterinariýa binasy, ot-iým ammarlary we bassyrmalar, atlar üçin türgenleşik, gezim meýdançalary, çapuw ýodasy, karantin binasy, suw howdanlary, ýörite tehnikalar üçin desga, barlag-goýberiş nokady we beýleki degişli desgalar bar. Hasabat berlişi ýaly, häzirki wagtda gurluşyk-gurnama işleri meýilnama laýyklykda amala aşyrylýar.
Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olar babatda degişli belliklerini aýtdy hem-de atçylyk toplumynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inženerçilik-tehniki çözgütleriň milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydygyny belläp, degişli tabşyryklary berdi.   
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow atçylyk toplumynyň desgalarynyň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanşyp, ozal gurlan beýleki toplumlar ýaly, täze atçylyk toplumynyň hem döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini, bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, degişli türgenleşikleri geçmek hem-de çapyşyklara taýýarlamak üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.


03.06.2026 11:50
2.4k+

Täze Guramaçylyk topary atly sport we gözellik bäsleşiklerini geçirmek bilen meşgullanar

1-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti dünýä derejesindäki halkara bäsleşikleri ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparyny döretmek baradaky Karara gol çekdi....

01.06.2026 00:04
6.9k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......

25.05.2026 11:17
9.9k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

11.05.2026 22:59
1.4k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......