LG öz telewizorlarynda NFT platformasyny işe girizdi

  • 08.09.2022 14:28
  • 5.6k+

Günorta Koreýanyň LG Electronics kompaniýasy LG Art Lab ady bilen NFT platformasyny işe girizdi. Ol ulanyjylara öndürijiniň smart telewizorlarynda tokenleri tapmaga, satyn almaga, satmaga we alyş-çalyş etmäge mümkinçilik berýär. Bu taslamada Hedera işläp düzüjisi LG-niň hyzmatdaşy boldy. Bu barada incrussia.ru habar berýär.

ABŞ-da LG Art Lab platformasy kompaniýanyň webOS 5.0 bilen işleýän harytlarynyň eýeleri üçin elýeterlidir. Serwis LG TV-niň esasy ekranyndan açylýar. Korporasiýanyň Hedera bilen hyzmatdaşlygy netijesinde ulanyjylar NFT-ni Wallypto kripto gapjygy arkaly satyn alyp bilerler.
Hedera-nyň maglumatlaryna görä, tutuş dünýä boýunça satylan telewizorlaryň tas bäşden bir bölegi LG Electronics tarapyndan öndürildi.

“LG Art Lab millionlarça amerikalylara kod ýa-da gönüden-göni blokçeýn bilen aragatnaşyk etmek zerurlygy bolmazdan NFT-e elýeterli bolmaga mümkinçilik bermek üçin işlenip düzülendir” – diýip, LG Electronics kompaniýasynda platforma biznesiniň ýolbaşçysy, uly wise-prezident Kris Jo belleýär.


düýn 23:26
1.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.4k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....