Apple iPhone 14 smartfonyny çykardy

  • 08.09.2022 08:14
  • 28k+

Apple smartfonlarynyň flagman hataryny täzeledi. Bu barada 7-nji sentýabrda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda belli boldy, ýaýlymyň ýazgysy kompaniýanyň saýtynda elýeterli diýip, lenta.ru habar berýär.

Smartfonlar iki görnüşde çykarylar – 6,1 dýuým displeý bilen esasy we 6,7 dýuým ulaldylan ekran bilen Max. Täze hatarda mini görnüşi ýok. iPhone 14 öňki nesliň şol bir dizaýnyna eýe boldy we bäş reňkde çykarylýar: ak, gara, gülgüne, mele, gyzyl. Apple awtonom iş wagtyny artdyrandygyny nygtaýar, emma anyk sifrleri atlandyrmaýar.
iPhone 14 öňki nesil ýaly alty ýadroly Apple A15 Bionic çibini aldy. Esasy kamera 12 megapiksel durulyga we f/1.5 apertura eýe boldy. Hödürlenen gurluşlar öýjükli operator gurşawynyň bolmadyk ýagdaýynda işlejek hemralar arkaly gyssagly aragatnaşyk funksiýasyny göterýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...