Gurbanguly Berdimuhamedow 110 ýyllyk taryhly Hindiguş gidroelektrik stansiýasynyň ähmiýetini belledi

  • 05.09.2022 23:39
  • 25k+

3-nji sentýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarynyň öňünde eden çykyşynda Hindiguş gidroelektrik stansiýasy barada aýratyn durup geçdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan özüniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrýar. Elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýär. Türkmenistanyň energiýa ulgamynda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan başga-da, Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze, kuwwatly elektrik beketleri hereket edýär.

“Ýurdumyzda energetika pudagynyň ösüşiniň taryhy Murgap derýasynda 1,2 megawat kuwwaty bolan Hindiguş gidroelektrik stansiýasynyň gurulmagy bilen başlanýar. Ýeri gelende bellesem, onuň gurluşynyň örän täsin taryhy bar. Ol öz döwründe Russiýa imperiýasynyň iň kuwwatly elektrik stansiýasy bolupdyr. Dünýäde şonuň ýaly 110 ýyla golaý taryhy bolan, başda oturdylan enjamlary bilen işläp duran elektrik stansiýasy başga ýokdur. Ony “tehniki pikiriň ýadygärligi” diýip atlandyrmak mümkin. “Özboluşly muzeý” diýip atlandyrsagam bolýar. Onuň bilen gyzyklanýanlaram, gelip görmäge isleg bildirýänlerem köp” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow institutyň talyplaryna-da ony görkezmegiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi ýurdumyzda energetika ulgamynyň ösüşleriniň nähili ýokarydygyna göz ýetirmäge, häzirki kuwwatly elektrik stansiýalarymyza buýsanjy artdyrmaga mümkinçilik berer.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......