Apple ABŞ-da ulanylýan smartfonlaryň sany boýunça ilkinji gezek Android-den öňe geçdi

  • 04.09.2022 17:42
  • 10k+

Counterpoint Research analitiki kompaniýasynyň hasaplamalaryna görä, 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde Apple ABŞ-nyň bazarynyň ýarysyndan gowragyny eýelemek bilen, Android-den öňe geçdi. Bu kompaniýa üçin taryhda iň gowy netije boldy diýip, glas.ru habar berýär.

Bellenilişi ýaly, analitikleriň gözlegi üpjünçilige däl-de, hakykatda ulanylýan gajetleriň sanyna esaslanýar. Hünärmenler bu görkezijini gurluşlary ikinji derejeli bazarda satyn alýan ulanyjylary hem-de birnäçe ýyl bäri şol bir iPhone-y ulanýan ulanyjylary göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýändigi üçin möhüm hasaplaýarlar.
Android telefonlary 2008-nji ýylda, iPhone peýda bolandan bir ýyl soň satuwa çykaryldy. Iki ýyldan soň olar sany boýunça iOS gurluşlaryndan öňe geçdiler we Apple-e 50% bellige ýetmek hiç başartmandy. Hünärmenleriň pikiriçe, kompaniýanyň ösüşi dowam edip biler.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...