Toyota akkumulýatorlaryň önümçiligine 5,6 milliard dollar maýa goýýar

  • 03.09.2022 09:10
  • 8k+

Toyota Motor-yň ýolbaşçylary «ýaşyl» ulaglaryň akkumulýatorlaryň önümçiligine 730 mlrd ýen (5,6 mlrd dollar)  maýa goýmak kararyna geldi. Akkumulýatory çykarmak 2024-nji ýyldan soň kompaniýanyň Ýaponiýadaky we ABŞ-daky zawodlarynda ýola goýlar.

Üç million dollar töweregi pul markanyň Himedzidäki zawodynyň önümçiligini giňeltmeklige gönükdiriler, galan serişdeler Toyota-nyň Demirgazyk Karolinadaky meýdançasyny inwestirlär.
Geljekde bu ýagdaý önümçilik kuwwatyny 40 GBt.s çenli ösdürmäge mümkinçilik berer. Bu brendiň bäsleşige ukyplylygyna oňyn täsirini ýetirer we “müşderilere saýlamak üçin giň mümkinçilikleri teklip etmek bilen, olaryň isleglerini çeýelik bilen kanagatlandyrmaga” mümkinçilik berer.
Mundan hem başga, şereket elektrikleşdirilen ulaglaryň batareýalaryny öndürmek bilen meşgullanýan işgärleri okatmaklyga, şeýle-de olara monodzukuri – nou-hau elementleri bilen önümçiligiň aýratyn filosofiýasynyň endiklerini bermeklige serişde goýbermegi meýilleşdirýär.


24.06.2026 14:05
4.8k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......