iPhone 14 Pro we iPhone 14 Pro Max çalt işleýän zarýad gurluşyna eýe bolar

  • 03.09.2022 09:07
  • 21k+

Apple-iň metbugat konferensiýasyna birnäçe gün galanda kupertinoly kompaniýanyň ýörite iPhone 14 Pro we iPhone 14 Pro Max üçin kuwwaty 35 Wt bolan zarýad gurluşyny çykarjakdygy barada birnäçe çeşme habar berdi. Bu smartfonlaryň eýelerine olary tiz zarýaddan doldurmaga mümkinçilik berer.

Apple-iň eýerýän «daşky gurşawy goramak» baradaky strategiýasyna laýyklykda, soňky iki ýylyň içinde zarýad gurluşy täze smartfonlaryň toplumyna girmesiz edildi. Ony aýratyn satyn almalydyr. Şonuň üçinem täze smartfonlaryň eýeleriniň aňrybaş çalt zarýad berýän gurluşy edinmäge ymtyljagy düşnükli zat. Adaty iPhone 14 üçin zarýad berijiniň kuwwaty 30 Wt-dan geçmeli däl.
Resmi saýtyň ýazmagyna görä, häzirki wagtda Apple kuwwaty 35 Wt bolan iki sany çalt işleýän zarýad gurluşyny teklip edýär, ýöne olaryň ikisiniňem USB-C üçin iki deşigi bar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...