Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryna çuňňur gynanjyny beýan etdi

  • 28.08.2022 23:49
  • 33k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Soňky maglumatlara görä, Pakistanda güýçli ýagyşlar zerarly iýun aýynyň ortalaryndan bäri dowam eden suw joşmalarynyň weýrançylyklary netijesinde, 1 müňden gowrak adam aradan çykdy. Ýurduň häkimiýetleri tarapyndan şu onýyllygyň iň erbet gumanitar betbagtçylygy diýlip atlandyrylýan tebigy hadysa zerarly, tutuşlygyna, 33 million adam ejir çekdi, şolaryň 30 milliony bolsa öýsüz galdy. 


düýn 20:17
3.3k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.3k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......