Audi «Formula 1-e» dolanýar

  • 27.08.2022 16:22
  • 4.5k+

Audi  2026-njy ýylda geçjek Formula 1 çempionatyna dolanýandygyny resmi görnüşde mälim etdi. FIA-nyň Bütindünýä geňeşi 2026-njy ýylda hereket etjek güýç gurluşlarynyň reglamentini tassyklanyndan 10 gün geçensoň şeýle beýannama berdi.

Umuman alanyňda, hereketlendirijiler häzirkisi ýaly - göwrümi 1,6 litrlik V6, turbo üfleýjili, ERS  we MGU-K ulgamly bolmagynda galar. Möhüm aýratynlygy - özeni diýseň çylşyrymly ulgam bolan MGU-H ýylylyk generatory goýulmady. Şonuň bilen birlikde, MGU-H-niň kuwwaty 350 kWt çenli ýokarlanýar, jemini jemlände bolsa täze güýç gurluşy 1000 at güýjüni berer. 
Audiniň hereketlendirijileri kompaniýanyň  Dunaý boýundaky Noýburg (Germaniýa) şäherinde ýerleşen zawodynda işlenip taýýarlanar. Olary haýsy toparyň öz bolidlerine goýjagy barada hiç zat aýdylmaýar, ýöne myş-myşlara ynansaň, ol Sauber bolmaly.
Häzirki wagtda F1-de güýç gurluşlaryny öndürýän zawodyň diňe dört sanydygyny ýatladýarys: Hondanyň geçen ýylky üsti ýetirilip işlenen hereketlendirijisi goýlan  Red Bull, Ferrari, Renault we Mercedes. 


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....