Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant sammitine gatnaşar

  • 27.08.2022 16:12
  • 5.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Samarkantda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Bu barada 26-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili A.Kamilow bilen geçirilen duşuşygynda habar berildi.
Hususan-da, özbek myhmanlary köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ösdürmekde, ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, sebitleýin derejede özara düşünişmek we birek-birege goldaw bermek ýörelgeleriniň berkidilmegi üçin möhüm şert hökmünde syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmakda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmekde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirer.


düýn 11:41
3.2k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 22:09
1.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 12:31
5.7k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....