Geçen alty aýda iň köp nebit gazyp alan ýurtlar mälim edildi

  • 26.08.2022 09:53
  • 23k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa we Saud Arabystany Patyşalygy şu ýylyň geçen alty aýynda dünýäniň iň köp nebit gazyp alýan 3 ýurdy boldy. Bu barada rus tarapynyň resmi çeşmelerine salgylanyp, “Trend” agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, iýun aýynda ABŞ her günde — 12,04 million barrel, Russiýa 10,667 million barrel, Saud Arabystany Patyşalygy bolsa 10,646 million barrel nebit çig malyny gazyp aldy. Şu ýylyň alty aýynda Russiýa jemi 263,3 million tonna nebit çykaryp, munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,3 göterim artykdyr.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...