NATO planetany balarylaryň kömegi bilen halas etmekçi bolýar

  • 25.08.2022 18:20
  • 19k+

NATO planetany global ýylamanyň täsirinden halas etmek üçin balarylary köpeltmek we bal öndürmek bilen meşgullanyp başlady. Ýewropanyň ekologiýa taslamalaryna gatnaşmagyň çäginde guramanyň ştab-kwartirasynyň territoriýasynda dört balary öýjagazy ýerleşdirildi diýip, birleşigiň saýtynda habar berilýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, bu başlangyç 2020-nji ýylyň aprel aýynda işe girizildi – şol wagt ilkinji iki öýjagaz peýda boldy. Ýöne NATO-da ary balynyň önümçiligi üstünlikli boldy we arylar üçin öýleriň sany dörde çenli köpeldildi.

“Her bir balary öýjagazy möwsümde 80-100 kg töweregi bal öndürýär, olaryň köp bölegi arylara ýaşaýşa ukyplylygyny saklamak üçin galýar. NATO-nyň aryçylary her öýden ýylda, takmynan, 25 kg bal ýygnaýar. Häzirki günde hasylyň köp bölegi aýry-aýry ýerlere we halkara taslamalaryna goldaw bermek üçin haýyr-sahawat bazarynda satyldy” – diýip, NATO-da bellenilýär.

Habarda bal öndürýän arylaryň gülleýän ösümlikleri, agaçlary we oba hojalyk ekinlerini tozanlandyrmak bilen, ekoulgamda möhüm rol oýnaýandygy bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde, her bir öýjagaz üç kilometr radiusda biodürlüligi gorap saklamaga ýardam edýär – bu klimat üýtgemeleriniň öňüni almakda möhüm rol oýnap biler, sebäbi käbir ösümlikler zyýanly zyňyndylary tebigy siňdirijilerdir.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......