«Ulaglar» multfilminiň hormatyna çykarylan Porsche 911 adatdakysyndan 25 esse gymmat satyldy

  • 25.08.2022 13:35
  • 12k+

Meşhur «Ulaglar» multfilminiň gahrymany Calli Karreranyň hormatyna ýasalan Porsche 911-iň üýtgeşik wersiýasy auksionda 3,6 million dollara gitdi. Bu adaty wersiýasy bolan Porsche 911 GTS-den takmynan 25 esse gymmatdyr. Alyjy gizlinlikde galmagy makul bilipdir. Porsche bilen Pixar studiýasy ähli gelip gowşan serişdeleriň haýyr-sahawata gowşuryljakdygyny mälim etdiler.

Porsche 911 Sally Special üçin tölenen pul Porsche-niň täze awtoulaglarynyň arasynda bahada rekord goýdy. Kompaniýa bu ýörite çykarylan wersiýany köpeltmekçi däl – sportkar unikallygyna galar.
Porsche we Pixar kompaniýalary Sally Special-y animasiýa gahrymanynyň üstünde işlenilip başlanmagynyň 20 ýyllyk ýubileýiniň hormatyna  çykardylar.
“Ulaglaryň” gahrymany 996 kuzowly Porsche 911-den  esas alýar, emma “janly” Cally Karrerany modeliň aktual wersiýasynyň esasynda döretdiler. Şonlukda, Sally Special, mysal üçin, häsiýetli  başky optikany (emma sportkaryň farlaryny hromladylar) almady, ýöne şol döwrüň Turbo Twist stilindäki teker diskleri bilen welin enjamlaşdyryldy. Alyja goşmaça trek üçin niýetlenen goşmaça teker toplumy hem sowgat edilýär.


09.10.2024 13:50
13k+

Mark Sukerberg aýaly üçin özboluşly Porsche miniwenini döretdi

Milliarder Mark Sukerberg öz aýaly üçin uzaldylan Porsche Cayenne Turbo GT-ni sargyt etmek üçin West Coast Customs kompaniýasyna kömek sorap ýüz tutdy. Netijede, kuwwatly Cayenne GT krossoweri miniwene öwrüldi...

02.11.2023 13:12
3.8k+

Porsche kompaniýasy Google bilen hyzmatdaşlygyň giňeljekdigini habar berdi

Porsche kompaniýasy Google bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini we öz awtomobillerinde Google ekoulgamynyň programmalaryny ulanmak meýilnamalary barada habar berdi. Brendiň täze awtoulaglarynda Google Assistant...

şu gün 00:16
419

«Altyn malina» anti-baýragy 2025-nji ýylyň iň erbet filmlerini we aktýorlaryny belli etdi

«Altyn malina» anti-baýragynyň guramaçylary 2025-nji ýylda amerikan kinosyndaky iň şowsuz işleriň ýeňijilerini yglan etdi. Iň köp baýragy baş keşbi Aýs Kýubyň ýerine ýetirmeginde «Dünýäleriň urşy» (Война миров) ylmy-fantastiki filmi aldy...

düýn 22:38
547

Spilberg öz filmlerinde hiç wagt emeli aň ulanmandygyny aýtdy

«Režissýor hem prodýuser Stiwen Spilberg öz filmlerini döretmekde hiç wagt EA tehnologiýalaryna ýüz tutmandyr. Ol bu barada Ostin şäherinde geçirilen «SXSW» maslahatynda mälim etdi» diýip, TechCrunch neşiri habar berýär...