«Ýandeks» saýtynyň adyny üýtgeder

  • 24.08.2022 17:16
  • 11k+

«Ýandeks» täzelik agregatoryndan ýüz öwrer we täze baş sahypa hökmünde ya.ru ösdürer. Bu barada sişenbe güni, 23-nji awgustda kompaniýanyň metbugat gullugynda habar berdiler.

Media aktiwlerini — «Dzen-i» we «Täzelikleri» satmak boýunça geleşik ýapylandan soň, ya.ru gözlege, poçta we kompaniýanyň beýleki hyzmatlaryna, şol sanda ulanyjynyň «Ýandeks ID» şahsy otagyna hem girmegiň esasy nokady bolar — diýip, relizde aýdylýar.
Täze sahypanyň «özeni» «Gözleg» bolar diýip, kompaniýada düşündirdiler. Nämäni we nireden gözlemek üçin ya.ru-da uniwersal gözlegden peýdalanmak mümkin bolar.

Mundan hem başga, gözleg wertikallary diýilýänler işlär. Olar surat ýa-da haryt tapmaga ýardamçy bolarlar. Gyzyklandyrýan sowallara dessin jogap almaga Alisa kömek eder.
VK kompaniýasy «Dzeniň» we «Täzelikleriň» satyn alynýandygyny habar berdi. Geleşik 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ýapylar diýip garaşylýar. Şondan soň VK-nyň tehnologiýalara we şol hyzmatlaryň haryt belgilerine hukugy bolar.

düýn 20:27
1.7k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......

düýn 20:16
2.8k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 16:53
1.7k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

düýn 16:11
1.2k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....