Lucid Motors dünýäde iň kuwwatly sedany tanyşdyrdy

  • 24.08.2022 16:56
  • 10k+

Amerikanyň Lucid Motors kompaniýasy öz Air sedanynyň Sapphire diýlip atlandyrylan täze wersiýasy bilen tanyşdyrdy. Konstruktorlar ony dünýäde birinji lýuks supersport elektrosedan we dünýäde iň kuwwatly sedan diýip atlandyrýarlar.

Air Sapphire-niň güýç gurluşy 1200 at güýjüni berýär. Ol üç elektromotordan ybarat — ikisi yzky okda we biri alynkyda. Duran ýerinden sagatda 60 mile çenli (90 km/s) badyny artdyrmak üçin 2 sekunt, sagatda 100 mile çenli (161 km/s) tizligi artdyrmak üçin bolsa 4 sekuntdanam az wagt gerek bolýar.
Göni ýol bilen çapyşygyň klassiki aralygyny geçmek üçin elektrokar miliň dörtden bir bölegini 9 sekuntdanam az wagtda külterläp bilýär.  
Şeýle-de ulag öndüriji Air Sapphire-i karbon-keramiki tormozlar, aerodinamiki paket, täze sport oturgyçlary we çapyşyk trassasyna sazlanan podweska bilen enjamlaşdyrdy. 
Sedanyň täze Lucid Air wersiýasynyň tapgyrlaýyn önümçiligine 2023-nji ýylyň başynda girişmek meýilleşdirildi. Awtoulagyň bahasy azyndan 249 müň dollar bolar. 


29.05.2026 23:38
3.3k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......