Apple MacBook-y özbaşdak bejermek üçin ähli zerur zatlary hödürläp başlady

  • 24.08.2022 13:39
  • 4.6k+

Apple amerikan kompaniýasy MacBook noutbuklary üçin Self Service Repair özbaşdak bejeriş programmasynyň giňeldilýändigini resmi taýdan yglan etdi. Saýtdaky relize görä, korporasiýa leptoplaryň eýelerine näsazlyklary düzetmek üçin original ätiýaçlyk şaýlaryny sargyt etmegi teklip edýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Indi ýörite internet dükanynyň üsti bilen hem Apple-iň original ätiýaçlyk şaýlaryny, hem gajetleri bejermek üçin gurallary satyn almak bolýar. MacBook-yň eýeleri abatlaýyş görkezmelerini resmi saýtdan ýükläp alyp bilýärler.
Relize görä, programma M1 prosessorly dürli MacBook Air we MacBook Pro modellerini öz içine alýar. Ýakyn wagtda kompaniýanyň beýleki noutbuklary üçin hem ätiýaçlyk şaýlarynyň satuwa çykarylmagy meýilleşdirilýär. Noutbuk eýeleri displeýiň döwülmegi, batareýanyň hatardan çykmagy, işlemeýän trekpad ýaly näsazlyklary hem düzedip bilerler.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...