Günbatar Ýewropada noutbuk satuwy dörtden bir peseldi

  • 23.08.2022 14:40
  • 4.5k+

Canalys kompaniýasy şu ýylyň ikinji çärýeginde Günbatar Ýewropada şahsy kompýuterler bazaryny öwrenmek bilen çykaran netijelerini ýaýratdy. Pudak Hytaýdaky pandemiýa bilen bagly çäklendirmeler, şeýle-de geosyýasy ýagdaýlar we ýokary inflýasiýa sebäpli ep-esli pese gaçyşy görkezdi. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.

Aprel aýyndan iýun aýy aralygynda bu sebitde 12,3 mln stolüsti şahsy kompýuter, iş stansiýasy we noutbuk satyldy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 18,5% azdyr.
Hytaýyň Lenovo kompaniýasy 30,9% paý bilen lider boldy. Ikinji orunda 24,7% bilen HP ýerleşýär, üçlügi 13,8% bilen Dell jemleýär. Ilkinji bäşlige 8,2% we 6,4% bilen Acer we Apple hem girdi. Bu kompaniýalaryň ählisinde satuwyň ýyllyk hasabynda pese gaçyşy hasaba alyndy.
Eger diňe noutbuk segmentini alsak, ýük iberiş dörtden bir (26%) azalyp, 9,5 mln birlik derejesinde boldy. Desktop segmentinde bolsa, tersine, 22% ösüş hasaba alyndy – 2,7 mln birlik.
Ikinji çärýegiň jemi boýunça, Günbatar Ýewropanyň bazarynda planşet satuwy 5,9 mln birlik boldy. Bu 2021-nji ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdirilende, 24,3% azdyr. Liderleriň üçlügine Apple (37,7%), Samsung (21,8%) we Lenovo (16,7%) girýär.


28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

27.05.2026 18:08
3.6k+

Çehiýa Respublikasynyň ýaşaýjysy Eurojackpot lotereýasyndan 120 million ýewro utdy

Eurojackpot lotereýasyny oýnan çehiýaly oýunçy zerur bolan sanlaryň tutuş kombinasiýasyny dogry bilip, 120 million ýewrolyk baş baýragy utdy. Bu barada utuşly oýny utgaşdyryjy, Mýunsterde ýerleşýän Westlotto......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......