Ben Afflek bilen Jennifer Lopes toý tutdular

  • 23.08.2022 13:35
  • 39k+

Ben Afflek bilen Jennifer Lopes garyndaşlarynyň we iň ýakyn dostlarynyň gatnaşmagynda nika toýuny tutdular. Toý 20-nji awgustda şenbe güni aktýoryň Jorjiýa ştatyndaky mülkünde geçdi. Bu barada Daily Mail neşiri gürrüň berdi diýip, Trend habar berýär. 

Neşiriň maglumatyna görä, 8,9 mln dollar harçlanyp, Ben Afflekiň aýratyn jaýynda tutulan toýa jübütleriň iň ýakyn dostlary we garyndaşlary çagyryldy. Şeýle-de, myhmanlaryň hatarynda aktýorlaryň öňki nikalaryndan bolan çagalary: Ben Afflekiň Jennifer Garnerden bolan perzentleri Waýolet (16 ýaş), Serafina (13 ýaş) we Sem (11 ýaş) hem-de Jennifer Lopesiň aýdymçy Mark Entoniden bolan perzentleri 14 ýaşly Emma we Maks hem bardy.
Şonuň ýaly-da, toýa Ben Afflekiň köne dostlary — Mett Deýmon öz ýanýoldaşy Lýuçiano Barroso bilen, režissýor Kewin Smit we aktýor Jeýson  Mýus dagy gatnaşdylar.
Jennifer Lopes dabara üçin toý köýnegini Ralph Lauren brendinden saýlady. Ben Afflek bolsa nikadan geçende egnine ak smoking we gara jalbar geýdi.

şu gün 03:26
25

Emili Blant we Killian Mýorfi «Ümsüm ýer-3» filmine dolanýarlar

Aktýorlar Emili Blant we Killian Mýorfi «Ümsüm ýer-3» filmine gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Bu barada «Deadline» neşiri habar berdi. Filmiň tanyşdyrylyşy 2027-nji ýylyň 30-njy iýulyna meýilleşdirildi. Taslamanyň režissýory, ssenaristi we prodýuseri hökmünde ýene-de Jon Krasinski çykyş eder...

şu gün 03:03
83

Patyşalar jülgesinde syýahatçylaryň iki müň ýyl öň galdyran ýazgylary tapyldy

Müsüriň Patyşalar jülgesinde barlagçylar takmynan iki müň ýyl ozal syýahatçylar tarapyndan galdyrylan gadymy diwar ýazgylaryny tapdylar. Hindi dillerindäki bu ýazgylary biziň eýýamymyzyň I–III asyrlaryna degişli diýip hasaplaýarlar...

şu gün 00:00
1.6k+

Tailandda resminamalaryna görä 126 ýaşyndaky aýal tapyldy

Tailandyň Lamphun welaýatynda dünýäniň iň garry zenanlarynyň biri tapyldy. Onuň dogluş hakyndaky şahadatnamasyna görä, Guýçe Çitsakunwat 1900-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda dünýä indi. Bu aýal Tailandyň demirgazygyndaky Çiangmaý şäheriniň golaýyndaky Nambonoý obasynda ýaşaýar...

düýn 21:31
1.9k+

BTS-iň Seuldaky konserti Günorta Koreýanyň ykdysadyýetine $900 mln çenli girdeji getirer

BTS k-pop toparynyň Seulda geçirilýän konserti Günorta Koreýanyň ykdysadyýetine ýüzlerçe million dollar peýda getirip biler. Bu barada Yonhap News Agency agentligi maliýe ministri Ku Ýun Çhola salgylanyp habar berýär...