Xiaomi 8 sany meşhur smartfony üçin MIUI 13-i işläp taýýarlamagyny bes eder

  • 22.08.2022 08:17
  • 10k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy 31-nji oktýabrdan başlap, sekiz smartfon üçin MIUI beta-wersiýalaryny işläp taýýarlamagyny bes eder. Bu barada ITHome portaly habar berýär diýip, gazeta.ru ýazýar.

Şeýlelikde, goldaw berilmesiniň wagty azalýan smartfonlaryň sanawyna Xiaomi 10 Ultra, Redmi Note 9, Note 9 4G, 9 Pro, Redmi 10X, 10X Pro, Redmi K30 5G Extreme Edition we Mi 10T smartfonynyň hytaý wersiýasy hasaplanýan Redmi K30S girdi. Xiaomi Mi 10T-niň ählumumy bazar üçin goldawy dowam etjekmi ýa ýok, takyk aýdylmaýar.
Şol bir wagtda, ITHome-iň belleýşi ýaly, MIUI beta-wersiýanyň üstünde işlenmeginiň bes edilmegi kompaniýa gurluşlaryň özüni goldamakdan boýun gaçyrýar diýmegi aňlatmaýar. Smartfonlara biraz wagtlap proşiwkalaryň soňky ýygnamalary gelip durar, emma bu modellerde MIUI 14 -iň daş görnüşiniň peýda boljagyna eýýäm kepil ýok.


06.02.2026 09:00
1.3k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
3k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...