US Open-iň baýrak gaznasy ilkinji gezek 60 mln dollardan geçer

  • 19.08.2022 23:41
  • 5k+

ABŞ-nyň Tennis boýunça açyk çempionaty bolan US Open-iň umumy baýrak gaznasy 2022-nji ýylda rekord derejä ýetip, 60 mln dollardan agar. Bu barada penşenbe güni, 18-nji awgustda turniriň resmi saýtynda habar berilýär. 

Aýallaryň we erkekleriň arasyndan ýeňiji bolanlaryň hersi 2,6 mln dollardan alarlar. Turniriň irki tapgyrlarynda ýeňilýän tennisçiler üçin baýrak goýulýan puluň möçberi artdyryldy. Birinji tapgyrda oýundan çykýan türgenler, ýöne şeýle, 80 müň dollar alarlar, ikinji tapgyrda ýeňlenlere bolsa 121 müň dollardan  ýeter.
Geçen ýyl umumy baýrak gaznasy 57,5 mln dollardan ybaratdy, bu US Open üçinem, Uly tuwulganyň ähli turnirleri üçinem rekord pul bolupdy.
Uly tuwulganyň ýylyň dowamyndaky dört turniriniň soňkusy bolan ABŞ-yň Açyk çempionaty 29-njy awgustdan 11-nji sentýabr aralygynda geçer. Erkekleriň ýekelikdäki razrýadynda turniriň häzirki ýeňijisi russiýaly Daniil Medwedewdir, aýallaryňky bolsa — britaniýaly Emma Radukanu.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....