Gazagystanda ilkinji gezek Meýletinçileriň Merkezi Aziýa forumy geçirilýär

  • 18.08.2022 23:41
  • 4.2k+

Gazagystanda ilkinji gezek 15-nji awgustdan 19-njy awgust aralygynda Meýletinçileriň Merkezi Aziýa forumy geçirilýär. Bu barada Gazagystanyň Merkezi aragatnaşyk gullugy habar berdi diýip, russian.news.cn belleýär.

Bu çärä Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hünärmenleri hem gatnaşýar. Gazagystan Respublikasynyň Maglumat we jemgyýetiň ösüşi ministrliginiň raýat jemgyýetiniň işleri boýunça komitetiniň başlygy Madiýar Kožahmetiň belleýşi ýaly, 15-nji awgustdan 17-nji awgust aralygynda Türkestan we Burabaý şäherlerinde dürli çäreleriň toplumy geçirildi.
Çärä gatnaşyjylar meýletinçi gurşawyny ösdürmegiň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar. Forumyň dowamynda meýletinçiler ekologiýa aksiýalaryna gatnaşdylar we çagalar öýüne baryp gördüler.
18-19-njy awgustda 200-den gowrak wekil panel sessiýalarynyň we diskussiýa meýdançalarynyň geçiriljek ýeri bolan Nur-Sultana ýygnanar.
Jemleýji çärede “Dünýäde meýletinçiligiň ýagdaýy barada” doklad tanyşdyrylar.
Häzirki günde gazagystanly meýletinçiler BMG-niň dürli gurluşlarynda işjeň zähmet çekýärler. Olardan 7 meýletinçi Gazagystanyň goldaw bermeginde daşary ýurtlarda öz wezipesini ýerine ýetirýär.


18.06.2026 09:55
843

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

17.06.2026 11:17
3.6k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

16.06.2026 19:44
2.3k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......