«MÝ-iň» paýnamalary Maskyň kluby satyn aljakdygy baradaky degişmesinden soň 17% ýokarlandy

  • 18.08.2022 23:40
  • 14k+

“Mançester Ýunaýted” futbol klubunyň paýnamalary milliarder Ilon Mask Twitterde iňlis klubuny satyn aljakdygy barada ýazandan soň çarşenbe güni söwdanyň dowamynda 17% ýokarlandy. Ýöne soň Mask degşendigini boýun aldy diýip, CNBC teleýaýlymy habar berdi. Muny forbes.kz ýetirýär.

Soňrak kagyzlar ösüşi ýitirdi we Aşgabat wagty bilen sagat 17:50-ä çenli ýagdaýa görä, klubuň bir paýnamasynyň bahasy 5,63% ösüşde 13,5 dollara barabardy. 16-njy awgustda söwdanyň ýapylyşynda “Mançester Ýunaýtediň” paýnamasy 12,78 dollara durýardy.
“Mançester Ýunaýtedi” satyn almak Maska kompaniýanyň fond bazaryndaky kapitallaşdyrmasyndan ugur alanyňda, 2 mlrd dollara düşerdi. “Mançester Ýunaýted” bu sorag boýunça teleýaýlyma teswir bermekden saklandy.
Ýatlap geçsek, çarşenbe gününe geçilýän gije Mask Twitterde “Mançester Ýunaýtedi” satyn alýandygy barada ýazdy. Abunaçylaryň soraglaryna beren jogabynda ol bildirişine çynlakaý garamaly däldigini aýtdy. “Bu Twitterde köne degişme. Men hiç hili sport toparyny satyn almaýaryn” – diýip, ol ýazdy.
Şol bir wagtyň özünde Mask eger futbol klubuny satyn alsa, onuň “Mançester Ýunaýted” boljakdygyny aýtdy. “Ol çagalykda meniň iň gowy görýän toparymdy” – diýip, milliarder belledi.
Maskyň “Mançester Ýunaýtedi” satyn almakçydygy baradaky twiti 696 müňden gowrak laýk alyp, tas 107 müň gezek paýlaşyldy. Janköýerleriň käbiri bolsa Masky Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempionatynyň başynda iki oýunda iki gezek uly ýeňlişe sezewar bolan we turnir jedwelinde iň soňky setirde ýerleşýän kluby satyn almagy oýlanyp görmäge çagyrdy.


14.01.2026 09:43
2.7k+

Maýkl Karrik «Mançester Ýunaýtediň» wagtlaýyn baş tälimçisi bellendi

«Mançester Ýunaýtediň» öňki ýarymgoragçysy Maýkl Karrik klubuň wagtlaýyn baş tälimçisi wezipesine bellendi. Ol bu wezipäni häzirki möwsümiň ahyryna çenli eýelär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berýär. 44 ýaşly hünärmen beýleki dalaşgärden – klubuň öňki tälimçisi Ule-Gunnar Sulşerden öňe geçdi...

10.01.2026 18:57
5.6k+

«ManÝunaýted» işden çykaran tälimçileriniň öwez tölegine £100 mln töweregi sarp etdi

Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» futbol kluby topardan ser Aleks Fergýuson gideni bäri tälimçileriň we olaryň kömekçileriniň öwez tölegine, takmynan, 100 mln funt sterling (115 mln ýewro) sarp etdi. Şeýle maglumaty The Telegraph neşiri berýär...

08.01.2026 21:00
3.3k+

«ManÝunaýtediň» öňki tälimçisi «Twenteniň» tehniki müdiri wezipesini eýelär

Erik ten Hag resmi taýdan Niderlandlaryň «Twente» klubunyň tehniki müdiri wezipesine bellendi. Ol 2026/27 möwsüminiň başyndan öz wezipe borçlaryny doly ýerine ýetirmäge girişer, ýöne klubuň işine 1-nji fewraldan goşular...

05.01.2026 16:35
8.7k+

«Mançester Ýunaýted» Ruben Amorimi işden çykardy

«Mançester Ýunaýted» topary baş tälimçi Ruben Amorimiň wezipesinden gidýändigini resmi taýdan yglan etdi. Portugaliýaly hünärmen 14 aýlyk işinden soňra wezipesinden çykaryldy. Ol topary Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 20 tapgyryndan soňra ýaryş jedwelinde altynjy orunda galdyrdy...