Maýkl Karrik «Mançester Ýunaýtediň» wagtlaýyn baş tälimçisi bellendi

  • 14.01.2026 09:43
  • 2.8k+

«Mançester Ýunaýtediň» öňki ýarymgoragçysy Maýkl Karrik klubuň wagtlaýyn baş tälimçisi wezipesine bellendi. Ol bu wezipäni häzirki möwsümiň ahyryna çenli eýelär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berýär.

44 ýaşly hünärmen beýleki dalaşgärden – klubuň öňki tälimçisi Ule-Gunnar Sulşerden öňe geçdi.
2024-nji ýylyň noýabryndan bäri «Mançester Ýunaýtede» portugaliýaly hünärmen Ruben Amorim ýolbaşçylyk edýärdi. Ol 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda işden çykaryldy.
Amorim gidenden soň, baş tälimçiniň wezipe borçlaryny Darren Fletçer ýerine ýetirdi. Onuň ýolbaşçylygynda klub «Býornli» bilen deňme-deň (2:2) oýnady we öýünde «Braýtondan» utulyp (1:2), Angliýanyň Kubogyndan çykdy.
Karrik üçin bu eýýäm topara wagtlaýyn ýolbaşçylyk etmekde ikinji tejribesi bolar. 2021-nji ýylyň noýabrynda, Sulşer işden çykarylandan soň, ol üç oýunlyk «Ýunaýtede» tälimçilik etdi we iki ýeňiş («Wilýarreala» we «Arsenala» garşy) we bir deňme-deňlik («Çelsi») gazandy.
Oýunçy hökmünde Karrik «Mançester Ýunaýtedde» 12 ýyl oýnap, 464 oýna gatnaşdy we Premýer-liganyň bäş titulyny hem Çempionlar ligasyny utdy. Ol karýerasyny tamamlandan soň, tälimçiler ştabyna goşuldy. Baş tälimçi hökmünde ilkinji doly derejeli tejribesine bolsa «Midlsbroda» başlady, ony 2025-nji ýylyň tomsunda terk etdi.
Häzirki möwsümde «Mançester Ýunaýted» milli kuboklaryň ikisinden: Angliýanyň Kubogyndan we Angliýanyň futbol ligasynyň kubogyndan irki tapgyrda çykdy. Premýer-ligada topar 21 tapgyrdan soň 32 utuk bilen ýedinji orny eýeleýär.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....