ABŞ-da COVID-19-a garşy millionlarça sanjym dozasy ýok ediler

  • 15.08.2022 11:26
  • 16k+

Johnson & Johnson kompaniýasy üçin Baltimordaky Emergent BioSolutions zawodynda öndürilen COVID-19-a garşy 135 milliona golaý sanjym dozasy hil meselesi sebäpli ýok ediler. Bu barada amerikan KHBS-ine salgylanyp, “Sinhua” agentligi habar berýär. Muny m.forbes.kz ýetirýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ýok edilmegi meýilleşdirilýän COVID-19-a garşy sanjymlar 2021-nji ýylyň awgust aýyndan şu ýylyň fewral aýyna çenli döwürde öndürildi. Johnson & Johnson kompaniýasynda barlagyň netijeleriniň bu döwürde zawodda öndürilen sanjymlaryň hil ülňülerine laýyk gelmeýändigini görkezendigi aýdylýar. Netijede, 135 milliona golaý doza ulanmak üçin ýaramly däl diýlip ykrar edildi.
2021-nji ýylda bu zawodda Johnson & Johnson-yň COVID-19-a garşy sanjymlary we Astra Zeneca-nyň Oksford uniwersiteti bilen bilelikde taýýarlan derman serişdesi öndürildi. Ýöne zawodyň işgärleri iki sanjymyň komponentlerini ýalňyşlyk bilen garyşdyrdylar, şonuň netijesinde öndürilen derman serişdesiniň 400 milliondan gowrak dozasy ýaramly däl boldy. Şunuň bilen baglylykda, ABŞ-nyň Iýmit önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline sanitar gözegçilik boýunça edarasy (FDA) 2021-nji ýylyň aprel aýynda Baltimordaky Emergent BioSolutions zawodynda önümçiligiň togtadylmagyny talap etdi we ony 2021-nji ýylyň awgust aýynda gaýtadan dikeltmäge rugsat berdi.
Johnson & Johnson degişli fabrikada öndürilen COVID-19-a garşy sanjymlaryň önümçilige gaýtadan başlanandan soň bazara çykmandygyny we kompaniýanyň Emergent BioSolutions bilen sanjym önümçiligi baradaky şertnamasyny ýatyrjakdygyny aýtdy. 


11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

06.05.2026 00:33
4k+

Amerikaly newrolog 103 ýaşyna çenli işledi: ol taryhda iň garry lukman hökmünde ykrar edildi

Amerikaly newrolog Howard Taker resmi taýdan taryhda iň garry tejribeli lukman hökmünde ykrar edildi. Ol 1947-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli ömrüniň 75 ýylyny lukmançylyk işine bagyşlady....