Ilon Mask adamlary çipleşdirmegiň oňyn taraplary barada aýtdy

  • 16.08.2022 14:27
  • 20k+

SpaceX we Tesla kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask Neuralink implantasiýa edilýän neýrointerfeýsleriniň kömegi bilen adamlary çipleşdirmegi näme üçin zerur hasaplaýandygyny düşündirdi. HHR-iň Kibergiňişlik meseleleri boýunça edarasy tarapyndan neşir edilýän “China Cyberspace” žurnaly üçin makalasynda ol beýnä implantlary oturtmagyň oňyn taraplaryny sanady. Bu barada rbc.ru habar berýär.

Telekeçi çipleşdirme adamzada emeli intellekt bilen netijeli birleşmäge mümkinçilik berip, beýniniň işjeňligini höweslendirer diýip hasaplaýar. Milliarder implantasiýanyň mümkinçiligi çäkli adamlara hem kömek etjekdigini belleýär. “Bu oňurga şikesleri we psihika ulgamynyň bozulmalary bolan adamlarda el-aýaklaryň hereket ediş funksiýasyny dikeldip ýa-da ysmaz adamlara kompýuter ýa-da ykjam telefonlar bilen işlemek üçin öz beýnisini netijeli ulanmaga mümkinçilik berip biler” – diýip, işewür belledi.

Maskyň pikiriçe, çipleşdirme geljekde işjeň ösdürilip, onuň başlangyjy bu prosesi ýaýradar we çaltlaşdyrar. “Neuralink kompýuter bilen adam beýnisini birleşdirmegiň tehnologiýasyny, smartfonlar ýaly dakylýan gurluşlara meňzeş teňňe ululygyndaky beýni çiplerini işläp düzmäge uly üns berýär” – diýip, Mask aýtdy.
2020-nji ýylyň awgust aýynda Mask Neuralink startapynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi we kompaniýanyň esasy önümi bolan neýroçibiň täze görnüşini hödürledi. Işläp düzüjileriň meýilleşdirişi ýaly, gurluş beýni bilen kompýuteriň arasynda birleşdiriji halka hökmünde işläp biler. 2021-nji ýylyň aprel aýynda çip Peýjer makakasynyň beýnisine oturdyldy, netijede ol girizilen neýron sapaklarynyň kömegi bilen hereketlerine gözegçilik edip, wideo oýunlaryny oýnap bildi.


14.05.2026 20:49
2.6k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....

02.04.2026 21:00
3.1k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......

14.03.2026 23:33
4k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...