Beýik Britaniýada gurakçylyk zerarly agyz suwunyň satuwy çäklendirildi

  • 14.08.2022 23:54
  • 19k+

Londonda Aldi supermarketi alyjylara agyz suwuny almakda çäklendirme girizdi, her adama diňe bäş çüýşä çenli agyz suwuny almaga rugsat berilýär. Bu barada The Independent habar berýär.

"Size we goňşularyňyza zerur bolan azyk önümlerini tapmaga kömek bermek üçin çäklendirmeler hökmandyr" - diýip bildirişde aýdylýar.

Angliýanyň sekiz welaýatynda yglan edilen gurakçylyk bilen bagly şu karar kabul edildi. Ýurtda howa adatdan daşary yssy, derýalaryň we suw howdanlarynyň guramagy suw ýetmezçiligine getirdi.
Ýakynda, Beýik Britaniýanyň ilatyna, suw ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin, suwa düşeninde bir minut az düşmek maslahat berildi.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
972

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......