Britaniýanyň ilatyna bir minut az ýuwunmak maslahat berildi

  • 08.08.2022 19:48
  • 21k+

Suw ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin, britaniýalylar suwa düşmek wagtyny, iň bolmanda, bir minut kemeltmeli bolarlar. Bu barada ýekşenbe güni patyşalykda suw üpjünçiligi bilen meşgullanýan kompaniýanyň çeşmelerine salgylanýan The Sunday Times gazeti habar berdi. 

Hökümet maksatnamasynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň her bir ýaşaýjysy 2050-nji ýyla çenli gündelik ulanýan suwunyň dörtden bir bölegini - günüňe 145 litr bolanlygyndan günde 110 litre çenli kemeltmeli bolar. Ekspertleriň çaklamasyna görä, ýene 25 ýyldan patyşalykda ilatyň suw  üpjünçiligi üçin günde goşmaça 4 mlrd suwuň bolmagyna zerurlyk ýüze çykar, şol sebäpli şunuň ýaly maksatnamalary öňe sürülmeli bolupdyr. Şeýle zerurlyk bilen bagly, britan hökümeti suw saklamak üçin 1992-nji ýyldan bäri birinji howdany gurmaly diýen karara geldi, howdan 2029-njy ýyla çenli taýýar bolar diýip garaşylýar.  


21.12.2025 19:15
5.9k+

Mançesterdäki mekdep okuwçylara welosiped we telewizor paýlap, okuwdan galmalara garşy göreşýär

Beýik Britaniýanyň Mançester şäherindäki Co-op Belle Vue Academy orta mekdebi okuwa gatnaşygy ýokarlandyrmak üçin adatdan daşary usuly ulandy: Mirror gazetiniň habar bermegine görä, okuwçylary höweslendirmek üçin olara mugt telewizorlar we welosipedler berlip başlandy...

19.12.2025 09:29
8k+

Beýik Britaniýaly är-aýal ikinji gezek 1 mln funt sterling möçberde lotereýa utdy

Britaniýadan är-aýal soňky ýedi ýylda ikinji gezek 1 mln funt sterling möçberde lotereýa utdy. Metro neşiri ýeňijileriň nobatdaky uly şowlulyga garamazdan, öňki işinde zähmet çekmegi dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini ýazýar...

15.12.2025 12:03
2.4k+

Britaniýaly heýkeltaraş gan öýjüginiň ululygyndaky heýkeli döretdi

Britaniýaly heýkeltaraş Dewid Lindon (David Lyndon) dünýäde el bilen ýasalan iň kiçi iş hökmünde täze rekord goýan "Sary smaýlik" atly täze mikroskopiki heýkelini hödürledi. Ýylgyrýan şary ýatladýan miniatýuranyň ölçegleri bary-ýogy 11,037 we 12,330 mikrona deňdir...

14.12.2025 10:56
9.2k+

Londonda bug bilen işleýän Roždestwo otlusy işe girizilýär

Londonda Roždestwonyň öňüsyrasynda bug bilen işleýän Roždestwo otlusy demir ýollara çykar. Otly 1951-nji ýylda gurlan we britan demirýol romantikasynyň nyşanyna öwrülen «Britaniýa» lokomotiwine tirkeler diýip, Kazinform habar berýär...