Britaniýanyň ilatyna bir minut az ýuwunmak maslahat berildi

  • 08.08.2022 19:48
  • 21k+

Suw ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin, britaniýalylar suwa düşmek wagtyny, iň bolmanda, bir minut kemeltmeli bolarlar. Bu barada ýekşenbe güni patyşalykda suw üpjünçiligi bilen meşgullanýan kompaniýanyň çeşmelerine salgylanýan The Sunday Times gazeti habar berdi. 

Hökümet maksatnamasynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň her bir ýaşaýjysy 2050-nji ýyla çenli gündelik ulanýan suwunyň dörtden bir bölegini - günüňe 145 litr bolanlygyndan günde 110 litre çenli kemeltmeli bolar. Ekspertleriň çaklamasyna görä, ýene 25 ýyldan patyşalykda ilatyň suw  üpjünçiligi üçin günde goşmaça 4 mlrd suwuň bolmagyna zerurlyk ýüze çykar, şol sebäpli şunuň ýaly maksatnamalary öňe sürülmeli bolupdyr. Şeýle zerurlyk bilen bagly, britan hökümeti suw saklamak üçin 1992-nji ýyldan bäri birinji howdany gurmaly diýen karara geldi, howdan 2029-njy ýyla çenli taýýar bolar diýip garaşylýar.  


27.06.2026 23:53
3.8k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

19.06.2026 19:18
4.1k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.4k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....