Samsung täze Galazy Z Flip 4 smartfonyny bildiriş etdi

  • 13.08.2022 19:02
  • 14k+

Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde Samsung kompaniýasy eplenýän ekranly täze smartfonyny – Galaxy Z Flip 4-i hödürledi.

Keseligine eplenýän smartfona 1080-e 2640-lyk piksel razreşeniýeli, 120 Gs tizlikde täzelenýän, HDR10+ goldawly 6,7 dýumlyk esasy ekran, şeýle-de, 1,9 dýum diagonally we   korpusynyň daş ýüzünde goýlan 260-a 512 pikseli bolan razreşeniýeli goşmaça displeý goýuldy. Eplenýän mehanizmine garamazdan, gurluşa çygdan we tozandan goraýan IPX8 goýuldy. Gurluşyň arka tarapy Gorilla Glass Victus+ aýnasy bilen ýapylan.
Öndürijiligine  iň täze, 8 ýadroly Qualcomm – Snapdragon 8+ Gen 1 prosessory, şeýle hem 8 GB OZU jogap berýär. Hemişelik ýady, wersiýasyna görä, 128, 256 ýa-da 512 bolar. Olaryň hemmesi sygymy 3700 mAs bolan akkumulýatordan güýç alar, ol kuwwaty 25 Wt çenli bolan tiz zarýad berijiden kuwwat alar.  
Esasy kamerasy hersi 12 Mp-lyk iki sany giň burçly we ýokary giň burçly linzaly modullardan durýar. Frontalkasyna esasy ekranyň ýokarky böleginde ýerleşen 10 megapiksellik obýektiwjogap berýär.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...