Xiaomi adamsypat CyberOne robotyny görkezdi

  • 13.08.2022 09:34
  • 9.3k+

11-nji awgustda Xiaomi kompaniýasy Hytaýda geçiren tanyşdyryş çäresinde firmanyň ilkinji adamsypat CyberOne robotyny görkezdi. Bu robot-gumanoid iki aýagynda özbaşdak ýöräp, adamlar bilen gepleşip bilýär. Onuň hereketiniň aňrybaş tizligi 3,6 km/s töweregi.

Robotyň boýy - 177 sm, agramy bolsa- 52 kg. Göwresi ak-gara reňkde ýasalan. Robot adam bilen gepleşýärkä onuň 45 duýgusyny saýgarmagy başarýar. Şeýle-de ol gül hem sowgat berip bilýär, onuň bu başarnygy tanyşdyryş wagtynda görkezildi. Şondan soň robot kompaniýanyň baş direktory bilen iň täze, eplenýän Xiaomi  Mix Fold 2 smartfonunda selfi surata düşdüler. Roboty bazara çykarmak meýilleşdirilmeýär - kompaniýa ony synag platformasy hökmünde ulanar. 


düýn 22:31
1.7k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

düýn 18:36
552

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.5k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

17.06.2026 07:37
2.9k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....