Hökümetiň Awazada geçirilen göçme mejlisinde makroykdysady görkezijiler barada hasabat berildi

  • 13.08.2022 09:10
  • 14k+

12-nji awgustda Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de käbir meselelere garaldy. Mejlisde wise-premýer H.Geldimyradow 2022-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, ýedi aýyň jemleri boýunça toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy 10,4 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 39 göterim ýokarlandy.
Ýedi aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 103,6 göterim we çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 81,5 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklary, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,4 milliard manada deň boldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady, maliýe-bank toplumynyň ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy ulgamlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamlarda sanly tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça ýokary netijeleri gazanmagyň zerurdygy nygtaldy.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......